logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAGYŇ KITAPLARY NESILLERIŇ GÖRELDE MEKDEBI

ARKADAGYŇ KITAPLARY NESILLERIŇ GÖRELDE MEKDEBI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby esasynda «Arkadagyň kitaplary nesilleriň görelde mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenlerimiz bilesigeliji talyplara Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysy» atly eseriniň bölümlerinden gyzykly gürrüňler aýdyp berdiler. Kitapda beýan edilýän tymsallaryň, rowaýatlaryň, ençemesini bilesi geliji talyplara okap berdiler Şeýle-de bu ajaýyp eseriň nesil terbiýesinde eýeleýän ornuny aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaplaryň gadyr-gymmatyny ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Mili Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.