logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAGYŇ KITAPLARY-ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär mekdebi bilen bilelikde «Arkadagyň kitaplary-ýaşlaryň görelde mekdebi» atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip maslahata gatnaşanlar giňden belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.