logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAGYŇ YLHAMY, KALBYŇ MELHEMI

ARKADAGYŇ YLHAMY, KALBYŇ MELHEMI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň köňül buýsanjyna, uçar ganatyna öwrülen ahalteke bedewlerimize goýýan beýik sarpasy, çäksiz söýgüsi bilen bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da ýokary göterilýär. «At agynan ýerinde toý bolar» diýýän halkymyz bu günki gün türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde «Miras» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Annasoltan Nonnakowanyň alyp barmagynda «Arkadagyň ylhamy, kalbyň melhemi» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Milli Goşun žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň muzeý işini guramak bölüminiň bölüm müdiri Ogulşat Dädebaýewa gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary we ondaky getirilýän rowaýatlar, taryhy maglumatlar we ajaýyp jümleler barada gürrüň edildi. Şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatymyzda yz galdyran türkmen ýazyjylarymyzyň we şahyrlarymyzyň döredijiliginde ýelden ýüwrük bedewlerimiziň taryp edilişi hakynda gyzykly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda myhmanlar şöhratly bedewlerimiziň şanly toýunda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň täsin nusgasy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, atçylyk sportuny ösdürmekde ýaşlarymyza nusgalyk mekdep bolýan mähriban hem Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.