Ata-babalarymyzda “At-myrat” diýen çuň manyly aýtgy bar. Bu jümlede behişdi bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny we sarpasy öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini çäksiz üns-alada bilen gurşap, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, halkyň arasynda söýlüp okalýan “Gadamy batly bedew” atly kitaby barada Miras teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän “Arkadagyň ylhamy, kalbyň melhemi” atly gepleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde geçirildi. Gepleşigi “Miras” teleýaýlymynyň alyp baryjysy Annasoltan Nonnakowanyň alyp barmagynda, gepleşikde “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Amangül Nurmyradowa we muzeý hünärmeni Jeren Altyýewa çykyş etdiler. Gepleşigiň dowamynda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiz barada şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan halkara şahadatnamasy barada we türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmekdäki we ösdürmekdäki Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri barada gürrüňler edilip, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini, alkyşlaryny aýtdylar.