Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Arşa göterilen milli mirasymyz» ady bilen «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Çärede Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljekki nesillere miras galdyrmak işleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýandygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, medeniýet halkyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň «Her bir halk dünýäde öz medeniýeti we sungaty bilen tanalýar» diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär, Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler, äleme ýaň salan wakalar kalbyňy buýsançdan doldurýar diýip çärämize gatnaşýan her bir myhman öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.