Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Ärsary ýolunyň halypalaryna bagyşlanan «Ärsary ýolunyň ussatlary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly dabarasyna, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, şahyr Agamyrat Soltanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň «Ärsary ýolunyň dessançylyk däpleri we ussatlary», Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymlary Jumageldi Orunowyň «Bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti», Mährem Jumaýewiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagşyçylyk sungaty» atly ýörite taýýarlan çykyşlary baý many-mazmunly boldy. Aýdym-sazly dabarada ussat bagşylaryň wideoşekilleri görkezildi.
Halypa bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Ärsary ýoluny dowam edýän Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň talyby Esen Atamuradow, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäriniň mugallymy Gurban Çaryýew, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Umyt Mustakow, Saýat etrabynyň Awçy medeniýet öýüniň sazandasy Kerim Annakulyýew ýaly bagşylar «Türkmeniň», «Görogly» şadessanynyň Ärhasan şahasyndan «Başa-baş», «Öwezjan», «Sary bagşynyň», «Näzlim», «Köçe bagy», «Bal Saýat» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabarada Çary Durdyýewiň sözlerine, Jumageldi Orunowyň sazyna döredilen «Gahryman Serdarym bilen» atly aýdymy welaýatyň birleşen bagşylar topary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Medeniýet öýünde guralan milli gymmatlyklaryň sergisi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Çynar GURBANOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni