logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arşy belende saçyp dur nurun, Ýaşyl tugum - erkinligiň baýdagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Arşy belende saçyp dur nurun, Ýaşyl tugum - erkinligiň baýdagy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler eziz diýarymyzyň toý-baýrama beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Watanymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Döwlet tugumyz halkymyzyň agzybirligini, Watana bolan buýsanjyny, geçmişini we ajaýyp geljegini özünde jemleýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.