logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arşyň nepisligi türkmen halysy

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda kümüş saçly enelerimiziň, hünärine ussat, çeper elli halyçy zenanlarymyzyň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlaryň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arşyň nepisligi türkmen halysy” atly duşuşyk geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Türkmen halysy-gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan bu baýram nesillerimiz üçin ajaýyp sungaty döreden baýramdyr. Häzirki eýýamda gadymy ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine we olaryň döreden gymmatlyklaryna wepalylygy, özboluşly milli dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar we bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen halysynyň nepisligini beýan edýär. Çykyşlarda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.