Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasy Daşoguz şäherindäki 4-nji orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr. Geçmişde hojalygyny dolandyran ýalňyz düýesini kitaba çalşyp bilen türkmeniň oňa goýýan sarpasyny göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby beýik söz ussady, türkmen halkynyň göz-guwanjy Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň durmuş mekdebidigini, onuň ýaşlary terbiýelemekde, ylym-bilim almagynda, hünär saýlamagynda uly ornunyň bardygyny nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Pyragynyň arzuwlan zamanasynda, bizi ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edip, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.