Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezinde «Altyn-asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy–Watany beýgeldýär döwrüň şygary» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Bitaraplyk–bu müňýyllyklardan gözbaş alýan, halkymyzyň arzuwlan zamany. türkmen halky gadym döwürlerden bäri medeniýetleriň, söwda ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen Merwden, Nusaýdan, Ürgençden geçip Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir haryt däl, bilim, pikir we ruhy baýlyklaryň alyş-çalyşyny üpjün edýän parahatçylyk köprüsi bolupdy. Bu beýik däp häzirki döwürde-de dowam edýär. Ine bular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen Bitaraplygynyň beýik ýolunda ynamly ädimler bilen öňe ilerläp dünýäde parahatçylygy berkitmegiň iň ygtybarly ýoluna alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.