logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY–WATANY BEÝGELDÝÄR DÖWRÜŇ ŞYGARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Waspyň dillerde dessan Aşgabat» atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy–Watany beýgeldýär döwrüň şygary» atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda dana şahyrymyzyň çoh garaşan ajap eýýamynyň şanly sene ýazgysynyň üstüni ýetiren ajaýyp wakalara baý bolandygy barada täsirli gürrüňler edildi. Geçilen ýola buýsanç, öňde duran menzillere uly ynam täze ýyl baýramynyň şatlygyny has-da artdyrýar. Döwletli döwranly zamanamyzda türkmen halky «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny hem beýik işler bilen şöhratlandyryp taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazdy. Ine şular dogrusynda täsirli gürrüňler giňişleýin beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmeniň döwletli ýoluny ak geljege rowana ýollara alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.