logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARZUWLARYM HASYL BOLDY

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň stanok nakgaşçylygy hünäriniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. «Adam arzuwsyz bolmaz, guş–ganatsyz» diýişleri ýaly, meniň kiçilikden şekillendiriş sungaty sapagyna bolan höwesim örän uludy. Nakgaşlygyň içgin syrlaryny öwrenmek we bu ugurdan ýokary bilim almak meniň iň uly arzuwymdy. Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde şekillendiriş sungaty bölüminiň nakgaşçylyk hünäri boýunça Altyn Akmyradowanyň we sungatyň taryhy dersi boýunça Döwletmyrat Durdyýewiň halypaçylygynda okadym. 2021–2025-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde nakgaş hünäri boýunça Merjen Amangylyjowanyň we Toýly Çopanowyň ýolbaşçylygynda ukyp-başarnyklaryny artdyrdym. Çagalyk ýyllaryndan bäri Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň döredijiliginde türkmen halkynyň taryhyna bagyşlanan nakgaş eserlerini içgin öwrenýärdim. Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okan döwrümde hem mugallym Toýly Çopanowyň maslahaty esasynda diplom işimi görnükli türkmen ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» atly romanyna esaslanyp döretdim. Türkmen sungatyny, medeniýetini, baý taryhyny wasp edýän ajaýyp eserleri döretmek, Watanymyzyň şan-şöhradyny has hem belende galdyrmaklygy maksat edinýärin. Biz–ýaşlara bilim almaga, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge, ýüregimizde besleýän hünärlerimiziň eýesi bolmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, eziz Diýarymyzy ýeneki ösüşlere alyp barmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Ogulşirin AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby