Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde «Arzuwlaryň ak ganaty – gözel şäher Aşgabat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat häzirki döwürde tanalmaz derejede ösýändigi, gözel paýtagtymyz Aşgabat bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülendigi, güller açýan ak şäherimizde biri-birinden kaşaň, owadan desgalaryň gurulmagy paýtagtymyza gelýän myhmanlary haýran galdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.