logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arzuwlaryň ak şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz gün-günden özgerýär, ösýär.

Aşgabat – bagy-bossanlygyň we döwrebaplygyň ajaýyp utgaşmasydyr. Ak şäherimizde gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Paýtagtymyzda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Ajaýyp binalar we gür bagly seýilgähler, Aşgabadyň gündizki görküne görk berse, gijeki täsin yşyklar ony has-da gözelleşdirýär.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiz özünde ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi mynasybetli her ýyl asylly däbe gör-ä 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda “Arzuwlaryň ak şäheri” atly sergi açyldy.

Baýramçylyk sergisi muzeýiň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlandy. Sergide Aşgabat şäheriniň taryhy bilen baglanyşykly gadymy fotosuratlary synlamak bolýar. Baýramçylyk sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary hem görkezilýär.