logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arzuwlaryň şäheri- merjen şäher Aşgabat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Arzuwlaryň şäheri-merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkymyzy, kitaphanaçylary we okyjylary Aşgabat şäheriniň güni bilen mähirli gutladylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň bedew bady bilen öňe barýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat şäheriniň düýbünden täze keşbe eýe bolandygyny, gysga wagtyň içinde owadan we ak mermerli binalara baý şähere öwrülendigini belläp geçdiler. Aşgabat bu günki gün özüniň binagärlik keşbi we ekologiki abadançylygy bilen bütin dünýäni haýran galdyrýandygyny höwes bilen beýan etdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar, mähriban halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.