logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AŞGABADYŇ SEÝILGÄHLERI WE OLARYŇ BINAGÄRLIK AÝRATYNLYKLARY

AŞGABADYŇ SEÝILGÄHLERI WE OLARYŇ BINAGÄRLIK AÝRATYNLYKLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Aşgabadyň seýilgähleri we olaryň binagärlik aýratynlyklary» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözellikleriň suwly görnüşlerini emele getirip, binagärlik keşpleri bilen paýtagtymyzyň gurşawynyň ajaýyplygyny aýratyn bellediler. Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde–meýdançalarda we şa ýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň öňünde we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde görmek bolýar. Paýtagtymyzda döredilen Garaşsyzlyk binasy, Bitaraplyk binasy, Konstitusiýa binasy, “Ylham” seýilgähi, “Älem” medeni dynç alyş merkezi, we beýlekiler adamlaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly monumentiň hem-de durky täzelenen “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähiniň hem beýleki ady agzalan seýilgählerimiz ýaly gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülendigi barada gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.