logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AŞGABAT-AJAP EÝÝAMYŇ AJAP ŞÄHERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat–ajap eýýamyň ajap şäheri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň düýpli ylma esaslanýan toplumlaýyn işleri netijesinde Gündogaryň merjen şäheri bolan paýtagtymyz, sözüň doly manysynda gözelligiň nusgasyna öwrülendigini we şäher gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen çägini giňeldip, bagy-bossanlyga öwrülýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň paýtagty Aşgabat parahatçylygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň rowaçlanýan, asudalygyň bütin dünýä nur çaýýan şäheri hökmünde biziň ählimiziň göwün guşyny ganatlandyrýandygyny we ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiziň agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidigi barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, gözel paýtagtymyzy parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde dünýä tanadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.