logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Aşgabat – gözelligiň nusgasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabat – gözelligiň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.
Aşgabat – şäherleriň seresi. Onuň göz gamaşdyryjy ýalkymy görenleri haýrana goýýar. Has görkana görünýän ajaýyp Aşgabadymyzyň keşbi-ýaraşygy has ýakymlydyr. Onuň her bir binasy durşy bilen tarypnama. Owadan güllere beslenip oturan paýtagtymyzyň her bir künjegi hakyky gözellik donuna bürenip dur. Bu gün söýgüniň we umytlaryň gül açýan mekany hökmünde taryhyň şöhratly töründe orun tutan Türkmenistanyň paýtagty – ak mermerli Aşgabat Orta Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler. Paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp şygyrlardan okap berdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar pursatdan peýdalanyp, şeýle ajaýyp ýurtda ýaşap, üstünlikli zähmet çekýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.