Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Aşgabat-gözelligiň nusgasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Aşgabat diňe bir gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem bagtyýarlygyň hem merjen şäheri bolup, Aşgabat bu günki gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýän, gözelleşýän şäherleriň hatarynda tanalýandygyny, paýtagtymyzyň ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda ak şäherimiz Aşgabady bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, beýik ösüşleriň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.