Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Garaşsyzlyk” seýilgähinde «Aşgabat gözelligiň şäheri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Ak şäherimiz Aşgabadyň şeýle ajaýyplyklary halkymyzyň arşa göterilen bagtynyň nyşany bolup, älem jahana şugla saçýandygyny, çünki gözellikde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan merjen şäherimiz Aşgabat görenleri haýrana goýup, dünýä ýüzünde iň ajaýyp şäherleriň biri hökmünde tanalyp, merkezi Aziýanyň göwher gaşyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabatda ýaýbaňlandyrylýan ajaýyp özgertmeler gözel Aşgabadymyzyň halkymyzyň ruhy dünýäsine we türkmen milliligini beýan edýän mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.