Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Aşgabat gözelligiň we ösüşiň şäheri» ady bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde bu günki gün Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, ýer ýüzüniň ösen, döwrebap şäherine, iri syýasy-jemgyýetçilik merkezine öwrülýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de özüniň ak mermere beslenen ajaýyp şähergurluşyk-binägärlik keşpi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan paýtagtymyz halkymyzyň ýürek buýsanjyna, göz guwanjyna öwrülendigini, Aşgabadyň binagärlik aýratynlygy diňe bir estetiki taýdan gözel görnüş bolman, eýsem, ol ruhy taýdan uly mana eýe bolýandygy barada belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda özüniň tämizligi, owadanlygy, juwanlygy, bilen dünýäniň nazaryny özünde jemleýän merjen paýtagtymyzy ösdürmek, özgertmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.