Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat – parahatçylygyň şäheri» ady bilen 137-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy gülletmekde, ýurdumyzda amatly ýaşaýyş – durmuş şertlerini döretmekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabat ýylyň – ýylyna täze, ajaýyp binalar bilen baýlaşýandygy, şol binalaryň iň köp şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi, her ýylyň 25-nji maýyny “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edilmegi, gözel paýtagtymyz Aşgabady şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda döwletli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen jümlesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolandygy barada uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, gözel paýtagtymyzy parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde dünýä tanadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.