logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AŞGABAT-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ ŞÄHERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat-parahatçylygyň we dostlugyň şäheri» ady bilen 10 ýyl Abadançylyk şaýolynyň ugryndaky «Dutar» monumentiniň öňünde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni halkymyzyň, belent buýsanjyna hem söýgüsine beslenip, paýtagtymyzyň gün-günden ösýändigi, özgerýändigi, gurulup ulanmaga berilýän dürli maksatly häzirki zaman döwrebap binalaryň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda binagärligiň ösen derejesini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Aşgabat bu gün ak mermere beslenen, bir-birinden owadan, kaşaň binalary, köşkleri, ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim, saglyk hem sport, medeni-dynç alyş desgalary, häzirki zamanyň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyk gelýän şaýollary, seýilgähleri hem suw çüwdürimler toplumlary göreni haýran edýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda owadanlygy, juwanlygy bilen dünýäniň nazaryny özünde jemleýän merjen paýtagtymyzy ösdürmek, özgertmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.