Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabatda gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Bu bolsa, elbetde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar.
Gözelligiň nusgasy bolan Aşgabat şäherimiz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda mermer binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda şol günden häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň güni uly şowhuna beslenip dabaraly belenilip geçilýär. Bu günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar.