Garaşsyz, baky Bitarap watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň at-abraýy dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Biziň gözel paýtagtymyz öz ajaýyp keşbi bilen bütin dünýä meşhur bolmalydyr” diýip, belleýşi ýaly Aşgabat şäherinde ajaýyp köşkler, teatrlar, muzeýler, durmuş maksatly onlarça binalar, seýilgähler gurlup, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ady “Yşk” we “Abat” sözlerinden emele gelip, “Söýgi şäheri”, “Abatlanan yşyk mekany” diýen manyny berýär.
Aşgabat indi dünýä bileleşiginde halkara maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalyp, döwletleri we halklary birleşdirýän, jebisleşdirýän parahatçylyk merkezine öwrüldi. Aşgabat hakykatdan-da iň gözel gymmatly daşy - Watanymyzyň göwher gaşydyr, onuň waspyny näçe taryplasaň-da az. Gözel ülkämizde her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilýär.
Bu gün hem şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde “Aşgabat - Watanymyzyň göwher gaşy’’ atly sergi guraldy. Sergide halypa we ussat suratkeşlerimiziň ajaýyp eserleri sergilenýär. Sergimize Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, bizi bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bagtyýar türkmen halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Watanymyzyň şan-şöhraty mundan beýläk hem dünýä dolsun!