logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AŞGABATDA ÇAGALAR ÜÇIN HALKARA SERGI-ÝARMARKA AÇYLDY

21-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Ol diňe bir çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklary üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Sergi we onuň bilen utgaşyklylykda geçirilýän köp sanly gyzykly çäreler çagalarda, olaryň ata-enelerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Serginiň açylyş dabarasy çagalar döredijilik toparlarynyň bagtyýar çagalygy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp mysalydyr. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkanyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.