13-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň-Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen maslahatyna dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagy döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň esaslandyrylmagy we onuň işiniň Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy döwri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Bu bolsa parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirýär.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu eserler halkymyzyň Watanymyza, onuň geçmişine, häzirki bagtyýar döwrüne guwanç duýgularyny artdyrýar.
Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär. Birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekde, taryhyny, dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly gurama öwrüldi.
Şeýle hem sergide milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, kümüş şaý-sepler görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden kemala gelýän halylardyr keşdeler hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şanly senelerdir dabaralaryň çäklerinde giň möçberli sergileriň guralmagy halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmegiň netijeli ýoly bolup durýar.