17-nji martda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän giň gerimli sergi öz işine başlady.
Telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, iri taslamalary durmuşa geçirmekde, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilere aýratyn orun degişlidir. Hususyýetçilere berilýän döwlet goldawlarynyň netijesinde Türkmenistan kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär.
Soňky ýyllarda Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, hususy önüm öndürijileriň öz harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmekleri üçin gümrük işleriniň çaltlandyrylmagyny, ýeňillikli karz serişdeleriniň bölünip berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Döredilýän şeýle amatly şertlerden netijeli peýdalanýan telekeçiler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna işjeň gatnaşyp, onuň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine şu gün geçirilýän serginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
...Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlary bu ýere gelen myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
«Türkmenistan» gazeti