logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AŞGABATDA ULAG-KOMMUNIKASIÝA TOPLUMYNA DEGIŞLI IRI HALKARA FORUMLAR GEÇIRILÝÄR

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel-2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär. Foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin öz hödürleýän harytlarydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.

Irden halkara forumyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel-2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.


«Türkmenistan» gazeti