logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AŞGABAT–GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Daşkent» seýilgähinde «Aşgabat–gözelligiň we ösüşiň şäheri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Aşgabat diňe bir gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem bagtyýarlygyň hem merjen şäheri bolup, Aşgabat bu günki gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýän, gözelleşýän şäherleriň hatarynda tanalýandygyny, paýtagtymyzyň ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ak şähermiz Aşgabat parahatçylygyň, asudalygyň, rowaçlygyň, gözelligiň we beýik ösüşleriň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.