logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ASMAN GIŇIŞLIGINE KEŞT EDIP...

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlaryna «Asman giňişligine keşt edip...» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Diýarymyzyň çäginde gadym wagtlarda hem astronomiýa ylmyna uly üns berlipdir. Muňa gadymy Merwiň dünýä belli kitaphanasy hakdaky maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäginde ilkinji obserwatoriýalar Nusaýda we gadymy Merwde gurnalyp, olarda asman jisimlerine gözegçilik edipdirler. Gadymy Ürgenç galasynda hem bir obserwatoriýa bolup, onda dünýä belli alymlar asman jisimlerine gözegçilik edipdirler. Asly sarahsly Ahmet as-Sarahsy matematika, astronomiýa, filosofiýa degişli işleriň ençemesini ýazypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň meşhur şäherleriň biri bolan Merwde doglan, belli türkmen matematigi al-Habaş al-Hasib gün sagady bilen meşgullanypdyr. Ol gün sagadynyň kömegi bilen ilkinji bolup tangens we kotangensleriň tablisalaryny düzýär. Matematikler uzak wagtlap olaryň tablisalaryndan peýdalanypdyrlar. Omar Haýýam 1074-1075-nji ýyllarda Merwdäki Mälik şanyň obserwatoriýasynda işläpdir. Şeýle hem obserwatoriýa barada gyzykly maglumatlary talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.