logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Astronomiýa dünýäsine syýahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde kitaphananyň obserwatoriýa otagyna “Astronomiýa dünýäsine syýahat” atly gezelenç geçirildi. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary üçin astronomiýa düşünjeleri we maglumatlary öwrenmek hem-de düşündirmek maksady bilen ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerinde gurulyp ulanylmaga berlen kitaphanalaryň asman jisimlerine gözegçilik etmeklige niýetlenen obserwatoriýalarynda dünýäniň kämil teleskoplarynyň oturdylmagy tebigy we takyk ugurlary bilimlere uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!