Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Asuda asman, parahat Watan» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere beslenýär, taryhy wakalar bilen ýürekleri buýsandyrýar. Çünki bu ajaýyp ýyl dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýän ýylydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy örän buýsandyrýar. Parahatlygyň mekany bolan Türkmenistan dostlugyň, ösüşiň berkarar bolmagy ugrynda tagallalary birleşdirýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty ýola goýup, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen halkara giňişligine mynasyp orun eýeleýänligi barasynda täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.