logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ASUDA WATANYŇ GORAGYNDA ATLY SÖHBETDEŞLIK

ASUDA WATANYŇ GORAGYNDA ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy orta mekdepde «Asuda Watanyň goragynda» ady bilen Watan goragçylarynyň gününe bagyşlap söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» we «Döwlet guşy» atly gymmatly eserlerinde beýan edilýän watançylyk ýaly beýik düşünje we olaryň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gyzykly gürrüňler berdi. Ýurt goragçylarynyň sarpasynyň belentden dabaralanýanlygy barada hem buýsançly söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.