logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ASUDALYGYŇ MIZEMEZ BAGTY

Lebap welaýat kitaphanasynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp “Bedew batly Türkmenistan -dillerde dessan” ady bilen burç döredildi. Bu ýerde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy wasp edýän wideo rolikler, döwrebap kitap tekçelerinde bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleri ýerleşdirildi. Bu eserlerde ösüş-özgerişlerini taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan Watanymyzyň, şeýle-de ykdysady kuwwatlylyk babatda-da bütin dünýäde giňden ykrar edilýändigi öz beýanyny tapýar. Ýaş nesli watançylyk, gaýduwsyzlyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde bu ajaýyp eserler gollanmanyň terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamyndan çykan eserleri diňe bir ýurdumyzyň okyjylarynyň arasynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giň gyzyklanma eýe bolýar. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen şol kitaplar beýleki döwletleriň halklary üçin türkmen halkynyň baý taryhy, özboluşly däp-dessurlary hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkyny bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasata ýugrulan syýasaty Garaşsyzlygymyzyň datly miwelerine öwrülip, bu gün her bir türkmeniň bereketli ojagyna bagt eçilýär.