logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ASUDALYGYŇ SYNMAZ BINÝADY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Asudalygyň synmaz binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan döredilen giňişleýin kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Kitaplar ýaşlarymyz üçin gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitaplar bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan ýollarymyzda şamçyragdyr, ýol görkeziji nusgalyk taglymatdyr.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde okamana, öwrenmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.