logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ASUDALYK BAGTYÝARLYGYMYZYŇ BINÝADY

ASUDALYK BAGTYÝARLYGYMYZYŇ BINÝADY

Ata-babalarymyzyň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar asuda diýarymyzda halkymyzyň abadan asuda parahat ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işler her bir türkmen raýatynyň köňlüni galkyndyrýar. Agzybirlik, asudalyk, bolsa ähli halklar üçin iň zerur gymmatlyk hasaplanýar. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir diýip örän jaýdar belläp geçýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asudalyk bagtyýarlygymyzyň binýady» atly söhbetdeşlik geçirildi. Täsirli geçen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölümüniň uly ylmy işgäri Guljaýewa Güljeren, Zenan kalby žurnalynyň redaktory Nurmyradowa Amangül gatnaşdylar, gepleşigi alyp baran Miras teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alypbaryjysy Nunnakowa Annasoltan. Öňdebaryjy zenanlarymyz arassa asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde bagtyýarlygyň goýnunda döredijilikli zähmet çekmäge giň ýollar açýan Hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.