Berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen medeniýetine, sungatyna, ylma we bilimdäki ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýär. Döredijilik – diňe bir şahsy zehin däl, eýsem halk ruhunyň, milli mirasynyň dowamaty bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň şygary bilen bagly birnäçe döredijilik duşuşyklary, teleýaýlym ýazgylary, gepleşikler we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Şan goşar sen, ýyllaň şanyna bedew” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Otuzowa G,Hojamämmedowa A,Ýagşyýewa A,Ylmy bölüminiň başlygy Jümiýewa L, Ýaşlar guramanyň başlygy Amannazarow T hem-de 2-nji ýyl talyp Mätiýewa S. çykyş etdiler.
Mugallymlar ylmy-amaly maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanmyzda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Milli saz sungaty – bu biziň ruhy mirasymyzdyr. Ýaşlarymyzyň bu mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň diňe bir hünärmen däl, eýsem ýokary medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam eder diýip aýdyp geçdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” atly ýylynda ýurdumyz toýdur baýramlara beslenýär.
Çykyşyň soňunda maslahata gatnaşyjylar türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Aýjemal HOJAÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri
