logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Asylly ýol ýörelgeler

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy şeýle-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň gatnaşmagynda hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymynyň gatnaşmagynda “Asylly ýol ýörelgeler” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ynsanyň durmuş ýoluny ýagtyltýan, kalbyny nurlandyrýan, döwletli röwşen ertirlere atarýan ylymdyr. Haýsy döwletde ýaşlara üns alada bilen gurşalýan, ylma sarpa goýulýan bolsa, onda şol ýurt diňe ösmek bilen, özgermek bilen bolýandyr. Sebäbi ýurduň geljegi şu günki ýaş nesillere goýulýan maýa goýuma, döredilýän mümkinçiliklere bagly bolup durýar diýip bellenip geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle bagtyýar durmuşda zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.