logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ASYLLYLYK-TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ ZYNATY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde «Asyllylyk-türkmen zenanlarynyň zynaty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň işgärleri «Asyllylyk-türkmen zenanlarynyň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresinde çykyş etmek bilen, türkmen gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarynyň,biziň durmuşymyzda uly terbiýe mekdebi bolup gelýändigini nygtadylar.Türkmen zenanlary öz asylly häsiýetlerini maşgalada öz gyzlarynyň-gelinleriniň aňyna guýýarlar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak,köpçülik ýerlerinde özüni asylly alyp barmak, biziň ýaşajyk gyzjagazlarymyzyň çagalykdan aňyna guýulýar. Sebäbi her bir maşgala biziň jemgyýetimiziň bir bölegi bolup durýar. Gelin-gyzlarymyzyň eliniň çeperligi,diliniň süýjüligi,her bir işde öň hatardalygy bizi begendirýär we buýsandyrýar diýip, çykyş edenler öz söhbetlerinde nygtamak bilen bize bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.