Asyrlar aşyp kämilleşip gelen naýbaşy epiki mirasymyz bolan dessanlar halkyň geçmiş durmuşy, dil baýlygy, däpdir dessury, milli aýratynlyklary bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly mirasymyzdyr. Dessanlary ýerine ýetirmek biziň günlerimizde-de giňden meşhurdyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Ahal welaýat Gökdepe etrap Medeniýet öýünde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda «Asyrlara ýaň salýan dessançylyk sungaty» atly dessançy bagşylaryň konserti geçirildi. Medeniýet öýüniň foýesinde senetçilik önümleriniň, milli saz gurallarynyň hem-de türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda mynasyp orun eýeleýän bagşy-sazandalara bagyşlanan şekillendiriş eserleriniň sergisi guraldy. Sergä dutar ussalary, zergärler öz şägirtleri bilen gatnaşyp, dutar we milli şaý-sepleri ýasamagyň usullaryny we bu ugurdaky halk tejribesini açyp görkezdiler. Şeýle hem Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Konserte Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan dessançy bagşylar gatnaşyp, «Görogly» eposyndan we beýleki dessanlardan parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsert türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Türkmenistan – parahatlygyň we ynanyşmagyň Watany» atly aýdym bilen ruhubelent ýagdaýda jemlendi.
Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň dessançylyk ugruna uly orun degişlidir. Ýerine ýetirijiligiň aýdym aýtmagy, saz çalmagy we wakalary çeper beýan etmegi özünde jemleýän dessançylyk däbi, dessançy bagşydan ýokary ussatlygy talap edýär. Türkmen halkynyň belent adamkärçiligini, ynsanperwerligini, watansöýüjiligini, mukaddes däp-dessurlaryny, beýik ahlak ýörelgelerini özünde jemleýän dessanlarymyzyň nesilden-nesle, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylaryň hyzmaty diýseň uludyr.

Mälim bolşy ýaly «Görogly dessançylyk sungaty» atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ilkinji gymmatlygymyzdyr. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Görogly» eposy we epiki mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan dessanlarymyz bagşylarymyzyň dilinde belentden-belent ýaňlanýar. Olar türkmeniň döreden naýbaşy mirasy bolup dünýä ýaýylýar. Çeper döredijilige baý bolan halkymyz özüniň gaýtalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä derejesine çykyp bilen halkdyr. Nepislikde taýsyz hasaplanýan elde dokalýan halylarymyz, «läle ýaly» diýdiren keçelerimiz, tebigat gözelliklerine bäs edýän keşdelerimiz, altyn suwy çaýylan şaý-seplerimiz dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orna eýedir. Zähmetsöýerlik, çeper döredijilige bolan ukyp, gözellikleri döretmäge bolan isleg türkmeni kämil gymmatlyklaryň eýesi hökmünde dünýä tanatdy. Zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk ösüp kämil derejelere ýetdi.

Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan ussalaryň ussaçylykdaky halk tejribesini has-da kämilleşdirmek we olaryň täze-täze önümleri döretmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda 2017-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karar möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ussalaryň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýyl «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Şu gün hem bu dabaranyň çäginde ýurdumyzyň welaýatlaryndan hödürlenen halk çeper döredijilik önümlerini öndürmekde ýokary ussatlyk derejesini görkezen raýatlara «Çeper döredijiligiň halk ussasynyň» Şahadatnamasy we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen milli aýdym-saz döredijiliginde aýratyn bir ugur bolan dessançylyk sungatyny ösdürmekde we halypa bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-saz mirasyny giňden wagyz etmekde bize ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri baky rowaç bolsun.
Ogultäç Hojanazarowa
Maddy däl medeni miras müdirliginiň
başlygynyň orunbasary.