Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gazagystanyň “Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda” atly fotosergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide Gazagystanyň taryhy ýadygärliklerini, gazak halkynyň däp-dessurlaryny, milliligini, medeniýetini açyp görkezýän fotosuratlar ýerleşdirilen. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Taryhy, medeni umumylyklara eýe bolan türkmen we gazak halklaryny müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklar birleşdirýär. Biri-birine golaý goňşy ýurtlarda ýaşaýan türkmen we gazak halklarynyň dilindäki, etnografiýasyndaky umumylyklar, däp-dessurlaryndaky, ýol-ýörelgelerindäki meňzeşlikler, sungatyndaky, edebiýatyndaky sazlaşyklar dostlukly halklaryň doganlyk gatnaşyklarynyň esasy aýratynlyklarydyr. Dünýä we goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli beýik işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.