logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ATA WATANYŇ ROWAÇLYGY RUHUBELENTLIGIŇ ÇEŞMESIDIR

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Ata Watanyň rowaçlygy ruhubelentligiň çeşmesidir» atly maslahat geçirildi. Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada çykyşlar edildi. Gatnaşyjylar parahat, asuda, bagtyýar zamanada ýaşaýandygymyz üçin hormatly Prezidentimize ak ýüreklerinden alkyşlar aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.