logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ATA ÝURDUM YNANYŞMAGYŇ WATANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ata ýurdum ynanyşmagyň Watany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygy barada gürrüň berdiler. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy, şeýle-de parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda döwletimiziň dünýä derejesindäki halkara abraýyny artdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.