logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«ATALAR SÖZI» GEPLEŞIGINDE GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TAGALLASY BILEN NEŞIR EDILEN «PAÝHAS ÇEŞMESI» KITABYNDAN ATA-ENÄ HORMAT GOÝMAK WE TÜRKMEN BEDEWINE DEGIŞLI BIRNÄÇE NAKYLLARY HAKYNDA ÝAZGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilýän ”Atalar sözi“ gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda ýerleşdirilen ”Atanyň ojagy gymmat, enäniň gujagy” hem-de “Agaç ekeni biler, at bakany” diýen nakyllar hakynda giňişleýin düşündiriş berdiler we ata-babalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten atalar sözüniň, nakyllaryň ýaşlary watansöýüji ruhda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Söhbetleriniň soňunda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.