logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ATAM ÖÝÜM

Gök asmanly giň düzi bar,
Ilersinde mahmal çölüm.
Eziz obamda nur saçyp,
Otyr meniň atam öýüm.

Gaýrasynda ene ýaby,
Tolkunlary dutar sazy,
Geçiripdik ençe ýazy,
Seň goýnuňda atam öýüm.

Kyrk öýli Soltanyz nesli,
Zähmetsöýer, halal asly,
Bag-bakjasy Erem ysly,
Jennet künji atam öýüm.

Ýaşlygymyň ýazy sende,
Ýüregimiň tary sende,
Käte kalplar üzülende,
Aram berýän atam öýüm.

Ejemjanyň çöreklerniň,
Ysy geler bir menzilden,
Kakamjanyň ekinleri,
Doldyr mellegi pazyldan.

Gazanynda ballar gaýnan,
Ojagmyzyň ýeri galdy.
Ol ot ýakyp, palaw buglan,
Ejemjany ýada saldy.

Tomus pasly, asmandaky,
Ýedigeni sanaşardyk,
Ene ýabyň köprüsinden,
Dikligne suwa aşardyk.

Ilkinji torlan işimi,
Ene ýaba akdyrypdym,
Agalarmyň balalarny,
Ellerimde bökdüripdim.

Gizlenpeçek oýnalardy,
Ýabyň suwy boýlanardy,
Çagalaryň şatlygyna,
Ene ýabam towlanardy.

Bakjalar bar beren wagty,
Adamlaryň keýpi çagdy,
Ondan bäri günler ötüp,
Ençe ýyllar arka agdy.

Doganlarym üýşen çagy,
Öýmüz bolardy sapaly,
Oturlardy söhbet edip,
Çaýam bolardy şypaly.

Ojakda ot ýakylardy,
Tamdyrda bişerdi çörek,
Şol günleri ýatlap käte,
Sanjyp gidýär ynjyk ýürek.

Aladasyz çagalygym,
Sende galdy atam öýüm.
Käte baryp, dolansakda,
Sende mydam oyum-küýüm.

Ogultäç HOJANAZAROWA