Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda ahalteke bedewleriniň taryhy, olaryň bütin dünýädäki şan-şöhraty we türkmen halkynyň durmuşyndaky, medeniýetindäki orny giňden beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen bedewleri barada aýdylýan atalar sözleriniň we nakyllaryň many-mazmuny hakynda talyplar bilen sowal-jogap alyşdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.