logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AWAZA BELENT MERTEBELI MYHMANLARY GARŞYLAÝAR

4-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin goňşy ýurtlaryň Liderleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Munuň özi halkara foruma uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Bu maslahat täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyna öwrüler. Ählumumy meseleleriň ençemesini öz içine alýan iri forum dünýä bileleşiginiň bu waka uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili dürli ýurtlardan uçarlary yzly-yzyna kabul edýär. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzümi giň möçberli halkara çäräniň taryhy ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Belent mertebeli myhmanlar deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanylýar. Maslahata gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary mukaddes toprakda türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Foruma gatnaşýanlaryň pikirine görä, onda kabul ediljek çözgütler dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir eder.

Halkara maslahata gatnaşyjylara ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär, şeýle-de olar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu bolsa myhmanlarda türkmen topragy barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.