logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AWAZA-HALKARA DIALOGYŇ MERKEZI

«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA GEÇIRILEN MASLAHAT DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE ZENANLARYŇ MÖHÜM ORNUNY TASSYKLADY


10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.

Häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň barha artmagy dünýäde durmuş ösüşiniň esasy meýilleriniň biri bolup durýar. Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýolbaşçy, hünärmen, telekeçi we işjeň raýat hökmünde gatnaşmagy durmuş-ykdysady ösüşi hem-de ynsanperwer gymmatlyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä jemgyýeti Zenanlaryň ýagdaýy boýunça bütindünýä maslahatynyň we Pekin jarnamasynyň hem-de Hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär.

Şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini durmuşa geçirmegiň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň jemleýji tapgyryna gadam basýar.

Zenanlar baradaky alada, olaryň öz intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin şertleri döretmek köp ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan milli we halkara derejede gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek ýörelgelerine berk ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Munuň özi jemgyýeti durnukly ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny, jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esas goýujy gurala öwrüldi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda anyk çäreleri we maksatlary kesgitleýän gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary işlenilip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyz milli syýasatymyza halkara standartlary işjeň ornaşdyrýar.

Türkmenistan esasy halkara mehanizmlere, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýa gatnaşýar. BMG-Zenanlar we BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk maksatlaýyn meýilnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ýurdumyz durnukly ösüşiň we parahatçylygy pugtalandyrmagyň şerti hökmünde gender deňligini üpjün etmegiň möhümdiginden ugur alyp, halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.


«Türkmenistan» gazeti