logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 5-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar.